ASUS TUF Gaming F16 (FX607VJB-RL103) oýun noutbugy
Täze nesil güýç we giňişleýin oýun tejribesi
ASUS TUF Gaming F16 — Ol uly 16 dýuýmlyk ekrany, iň täze Intel Core 5 prosessory we NVIDIA RTX grafikasy bilen diňe bir oýunçylar üçin däl, eýsem professional dizaýnerler we programmistler üçin hem niýetlenendir.
Esasy artykmaçlyklary:
Güýçli Intel Core 5 prosessory: 8 ýadroly Intel Core 5 210H prosessory (4.8 GGs çenli Turbo tizligi) agyr programmalaryň we oýunlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün edýär.
RTX 3050 Wideokartasy (6 GB): Täzelenen NVIDIA GeForce RTX 3050 wideokartasy 6 GB wideoyat bilen üpjün edilendir. Bu bolsa oýunlarda has ýokary öndürijilik we hakyky şekiller üçin "Ray Tracing" tehnologiýasyny ulanmaga mümkinçilik berýär.
Uly we dury displeý: 16 dýuýmlyk WUXGA (1920x1200) IPS ekrany 16:10 taraplar gatnaşygy bilen has giňişleýin görüş meýdanyny berýär. 144 Gs täzeleniş ýygylygy iň çalt hereketli sahnallary hem dury görkezýär.
RGB yşyklandyryşly klawiatura: Noutbugyň klawiaturasy 1-zonaly RGB yşyklandyryş bilen üpjün edilen. Yşyklandyryşyň reňklerini Armoury Crate arkaly sazlap bilersiňiz. WASD düwmeleri bolsa oýun wagtynda aňsat tapylmagy üçin ýörite tapawutlandyrylandyr.
Döwrebap DDR5 ýady: 16 GB DDR5 5600 MGs operatiw ýady ulgamyň örän çalt işlemegine ýardam edýär. Ýady geljekde 64 GB-a çenli ulaltmak mümkinçiligi bardyr.
Harby çydamlylyk: TUF seriýasyna mahsus bolan MIL-STD-810H standartlaryna laýyklyk, noutbugyň urga, titremede we temperaturanyň üýtgemegine durnuklydygyny kepillendirýär.
Tehniki häsiýetnamalary:
Prosessory: Intel Core 5 210H (8 ýadro, 12 potok, 4.8 GGs çenli)
Wideokartasy: NVIDIA GeForce RTX 3050 Laptop GPU, 6 GB GDDR6
Operatiw ýady: 16 GB DDR5 5600 MHz
Gaty disk (SSD): 512 GB PCIe 4.0 NVMe M.2
Displeý: 16" WUXGA (1920x1200), IPS, 144Hz, 16:10
Klawiaturasy: Doly göwrümli, RGB yşyklandyryşly
Portlary: Thunderbolt 4 (DisplayPort goldawy bilen), USB-C 3.2 Gen 2, 2x USB 3.2 Gen 1, HDMI 2.1, RJ45 LAN
Batareýasy: 56 Wh
Kepillik: 1 ýyl (12 aý) resmi kepillik
Toplumda: Noutbuk, zarýad beriji enjam (150W), resminamalar.